Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi
Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi we oňa Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşdy.
Maslahatyň ýokary derejeli mejlisi açyk diýlip yglan edilenden soňra, çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekledi, çykyş etmäge çakylyk üçin guramaçylara minnetdarlyk bildirdi hem-de häzirki döwürde öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýanyň işewürler jemgyýetçiligine ähli zerur şertleri döretmäge we olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Şeýle hem bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky işewürlik hyzmatdaşlygyny berkitmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna we iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýän täze anyk taslamalary kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!