| Ashgabat | 33°C
Jemgyýet 14.09.2026, 12:07 4

Ahalteke bedewleriniň üstünligine bagyşlanan ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi

Ahalteke bedewleriniň üstünligine bagyşlanan ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi

Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi» atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi.

Taryhy ähmiýeti bolan çärä Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň agzalary gatnaşdy. Şeýle hem Arkadag şäherinde geçirilen halkara mejlisine daşary döwletleriň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, mährem eneler hem-de köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyşlarda golaýda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke bedewleriniň gözellik we atly sport boýunça halkara bäsleşikleriniň ähmiýeti, onuň behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakdaky uly orny bellenildi. Arkadag şäherinde geçirilen halkara mejlisde öňe sürlen başlangyçlar, beýan edilen teklipler barada giňişleýin pikiralyşmalar boldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!