Türkmenistanyň Prezidenti bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi
Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Ço Çon Sik bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, parlamentara hyzmatdaşlyk türkmen-koreý gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy we düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri hökmünde parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekdi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti we Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy däp bolan dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň iki ýurduň we halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!