| Ashgabat | 27°C
Dünýaden 15.09.2026, 15:54 8

Dünýäniň iň äpet atynyň boýy 2 metre ýetýär

Dünýäniň iň äpet atynyň boýy 2 metre ýetýär

Beýik Britaniýanyň Northemptonşir graflygynda ýaşaýan Hýugo atly at resmi taýdan dünýäde bar bolan atlaryň içinde iň belendi diýlip ykrar edildi. Onuň gerşiniň belentligi 199 santimetre ýetýär. Üstesine-de, ol henizem ösmegini dowam etdirýär.

Dörtýaşar Hýugonyň boýunyň takyk bolmagy üçin weterinar ony nalsyz ýagdaýda ölçedi. At eýesi Brett Mastersiň aýtmagyna görä, Hýugo takmynan 8,5 ýaşyna çenli ösmegini dowam etdirip biler.

Hýugonyň saglygyna aýratyn üns berilýär. Ol yzygiderli weterinaryň, diş lukmanynyň, süňk-bogun we owkalama hünärmeniniň gözegçiliginde saklanýar.

Atyň dişleri ýylda iki gezek barlanýar. Süňkleriniň çalt ösýändigi sebäpli weterinar ony ýygy-ýygydan gözden geçirýär. Onuň iýmit düzgüni hem berk gözegçilik astynda saklanýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!