Lukman hekimiň sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky ündewleri
Dünýä meşhur Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly kitaby dünýäniň lukmançylyk ylmy merkezlerinde, mekdeplerinde birnäçe ýyllap esasy gollanma hökmünde peýdalanylypdyr.
Beýik alym dogry iýmitlenmegiň ýollary babatda hem gymmatly maglumatlary beýan edipdir. Ýagny, iýlende işdämenlik bilen iýmekligi, uzak wagtlap aç gezmezligi, açlygyň aşgazan kesellerine eltýändigini, iýmiti oňat siňdirmek üçin berhiziň görnüşlerinden peýdalanmalydygyny, göwnüçökgünligiň iýmitiň kadaly siňmegine päsgel berýändigini, hammamdan soň dessine naharlanmaklygyň zyýanlydygyny, gowy naharlanylandan soň uklamak ýa-da işjeň hereketde bolmagyň hem peýdaly däldigini, çakdanaşa köp iýmekligiň aşgazanda çig şireleriň mukdaryny köpeldýändigini, netijede bolsa içege ýollarynyň dykylyp, ysgyndan gaçyrýandygyny, fiziki türgenleşiklerden soň suw içmezligi aýdyp geçipdir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!