Abu-Dabide Frenk Geriniň taslamasy boýunça täze saz merkezi açylýar
Abu-Dabiniň Mina-Zaýed etrabynda 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda BAE-niň Paýtagt Ýaşlar orkestriniň täze binasy açylar. Bina dekonstruktiwizm akymynyň görnükli wekili, 1989-njy ýylyň Pritsker baýragynyň eýesi, kanadaly-amerikaly binagär Frenk Geri (1929–2025) tarapyndan taslanyldy. Ol şeýle hem Bilbaodaky Guggenhaým muzeýiniň we Los-Anjelesdäki Wolt Disneý konsert zalynyň awtorydyr.
Täze binada 600 adama niýetlenen konsert zaly, şeýle hem repetisiýalar we okuw sapaklary üçin 18 sany otag ýerleşer. 6–9 ýaş aralygyndaky 100 çagadan ybarat ilkinji topar üçin kabul edişlik eýýäm başlandy. Okuwlar mugt bolup, maksatnamada Günbatar klassiki sazy hem-de arap milli saz sungaty öwrediler.
Taslama ýokary derejeli saz bilimini köpçülige elýeterli etmek we ýaş zehinleri professional derejä ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, akademiýanyň ilkinji okuw ýylynda saz taýýarlygy bolan okuwçylar üçin goşmaça toparlaryň hem açylmagy meýilleşdirilýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!