Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumyna ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy
Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa — bilim, ylym we innowasiýalaryň täze giňişligi» atly Halkara bilim forumy geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine bilim ministri J. Gurbangeldiýew ýolbaşçylyk etdi.
Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Türkiýe Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri we bilermenler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň bilim ministri öz çykyşynda ýurtda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeleri, şol sanda Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şeýle hem Halkara ýaşlar ylmy-bilim klasterlerini döretmek başlangyjyna aýratyn üns berildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!