Ekologiýa žurnalistikasy boýunça trening geçirildi
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ekologiýa meselelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça iki günlük okuw treningi geçirildi.
Çärä tmcars news neşiriniň habarçysy bilen birlikde, Türkmenistanda hereket edýän metbugat neşirleriniň, habar saýtlarynyň, milli telewideniýäniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Treningiň dowamynda halkara bilermen Angelina Dawydowa (Russiýa, Germaniýa) gatnaşyjylara häzirki ekologik gün tertibi we ygtybarly maglumat çeşmelerini kesgitlemegiň usullary barada gürrüň berdi.
Žurnalistler toparlara bölünip, Türkmenistan, Merkezi Aziýa we dünýä üçin möhüm bolan ekologiýa meselelerini gözlemegiň üstünde işlediler.
Hödürlenen taslamalaryň geljekde täze makalalar üçin esas bolup biljekdigi bellenildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!