Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryna gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda we ýurduň ähli halkyna Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň özara düşünişmegiň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygyny belläp, bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Saud Arabystany Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!