Koreýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Li Çže Mýon gutlagynda şeýle belledi:
«Ýakynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyňyzyň dowamynda geçiren ilkinji duşuşygymyzdan hem-de baý many-mazmunly söhbetdeşligimizden soňra Sizi bu şanly sene bilen gutlamak meniň üçin aýratyn ýakymlydyr.
Geçen hepdede ýokary derejedäki duşuşygymyzyň dowamynda Siz bilen ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary barada giňişleýin pikir alyşmak meniň üçin aýratyn ähmiýetli boldy.
Biziň ýurtlarymyzyň diňe bir energetika, senagat maksatly taslamalary amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gämigurluşyk, demir ýol gurluşygy, täze şäherleri gurmak ýaly dürli ulgarlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin gatnaşyklaryň binýadyny has-da giňeltmek boýunça ylalaşyga gelendiklerine guwanýaryn.
Şeýle hyzmatdaşlyga daýanmak bilen, geljekde-de bilelikdäki tagallalar arkaly ýurtlarymyzyň halklarynyň abadançylygyna ýardam etjek hem-de iki ýurduň milli bähbitlerine laýyk gelýän oňyn netijeleri gazanjakdygymyza ynanýaryn».
Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.
Pursatdan peýdalanyp, çuňňur hormatlanylýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli arzuwlaryny we mähirli salamyny ýetirmegi hem döwlet Baştutanyndan haýyş etdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!