Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady.
Gyrgyz lideriniň gutlag hatynda Türkmenistanyň gazanýan ägirt uly syýasy we ykdysady üstünliklerine, şeýle hem ýurduň halkara giňişlikde mynasyp orun eýelemeginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goşandynyň örän uludygy bellenilýär.
Şeýle hem hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet işinde üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edilýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!