| Ashgabat | 33°C
Syýasat 23.09.2026, 14:19 1

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliýeti sanlylaşdyrmak boýunça maslahata gatnaşdy

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliýeti sanlylaşdyrmak boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliýeti Azerbaýjanda geçen «Sanlylaşdyrmak we emeli aň eýýamynda adam maýalary: ösüş, geljekki mümkinçilikler we ýüzbe-ýüz bolunýan kynçylyklar» atly V maslahata gatnaşdy.

Oňa Türki Döwletler Guramasyna (TDG) agza döwletleriň adam maýalaryny ösdürmek boýunça degişli edaralarynyň wekilleri, şeýle hem döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, IT hünärmenleri we sanlylaşdyrmak hem-de emeli intellekt ulgamlary boýunça hünärmenler gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar döwlet dolandyryş ulgamyna sanly tehnologiýalary we emeli intellekti ornaşdyrmak, şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!