Toyota Supra-nyň soňky nusgasy auksionda satylar
Toyota-nyň Demirgazyk Amerika bölümi we Barrett-Jackson auksion öýi Toyota Supra-nyň nusgalarynyň biri bolan soňky Final Edition hoşlaşyk wersiýasyny auksionda satar. Hyzmatdaşlar bu ulagy A90 nesliniň iň soňky Supra awtoulagy diýip atlandyrýar. Auksion ýanwar aýynyň ahyrynda geçiriler. Awtoulagyň garaşylýan bahasy häzirlikçe aýan edilmedi.
Barrett-Jackson-yň baş direktory Kreýg Jekson 2019-njy ýylda ABŞ-daky ilkinji A90 Supra-nyň hut şu auksionda 2,1 million dollara satylandygyny ýatlatdy. Awtoulag mehaniki geçiriş gutusy bilen utgaşýan, 387 at güýjüni öndürýän hatar görnüşli alty silindrli hereketlendiriji bilen üpjün edilendir. Soňky Supra-nyň satuwyndan alnan serişdeleriň ählisi tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmaga kömek edýän Reach Out Worldwide haýyr-sahawat guramasyna geçiriler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!