| Ashgabat | 34°C
Gyzykly maglumat 22.09.2026, 15:37 4

Künji ýagynyň peýdasy

Künji ýagynyň peýdasy

Künji ýagynyň düzümindäki esasy maddalar lignanlardyr (sesamin, sesamol we sesamolin). Ýeri gelende aýtsak, künji ýagynyň düzümindäki lignanlaryň esasy artykmaçlygy olaryň estrogen işjeňliginiň bolmagy, şeýle hem rak öýjüklerine garşy göreşmek ukybydyr.

Künji ýagyny köp ulanýan adamlar sowuklama kesellerinden has gowy goranyp bilýärler. Mundan başga-da, soňky döwürlerde künji ýagynyň melanomany öz içine alýan käbir rak kesellerine garşy göreşmäge kömek edip biljekdigi anyklanyldy.

Künji ýagy bedende lipid alyş-çalşygyna gatnaşýar. Netijede, ol bedeniň agramyna gönüden-göni täsir edip biler. Onuň az mukdary hem gormon alyş-çalşygyny kadalaşdyrmaga kömek edýär.

Göwrelilik we ene süýdi bilen iýmitlendiriş döwründe bedeniň ösümlik ýaglaryna bolan islegi artýar we künji ýagy bu zerurlygy kanagatlandyrmaga kömek edýär.

Künji ýagynyň ýeterlik derejede ulanylmagy öýjükleriň garramagyny haýalladyp biler. Şeýle hem deride we dyrnaklarda ýüze çykýan käbir oňaýsyzlyklary azaltmaga ýardam edýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!