Nahar sodasynyň biziň pikir edişimizden has güýçlimi?
Gruziýanyň lukmançylyk kollejiniň alymlary nahar sodasy goşulan bir bulgur suwuň dalagyň immun ulgamy üçin peýdaly serişde bolup biljekdigini aýtdylar. Makrofag öýjükleri agressiw M1 görnüşinden M2 görnüşine geçýär we bedende çişme ýagdaýlarynyň peselmegine getirýär.
Lukmanlaryň bellemegine görä, nahar sodasyny aç garna 1/2 çaý çemçesi mukdarda ulanyp bolýar.
Suw bilen garyp pasta görnüşine getirip, çybyn ýa-da beýleki mör-möjekleriň çakan ýerine çalynsa, gijilemäni we gyzarmany tiz azaltmaga kömek edýär.
Nahar sodasy dişleri tebigy arassalamaga, agyzdan gelýän ýakymsyz yslary azaltmaga, derleme netijesinde döreýän bakteriýalaryň köpelmeginiň öňüni almaga kömek edýär. Şeýle hem ýüzdäki we bedendäki öli öýjükleri arassalamakda, aşhana esbaplaryny, plitany we kafelleri arassalamakda ulanylýar.
Emma aşgazan ýarasy bolan adamlara sodany içmek maslahat berilmeýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!