| Ashgabat | 34°C
Sport 16.09.2026, 15:23 4

Dünýäniň iň gymmat futbol brendleri kesgitlenildi

Dünýäniň iň gymmat futbol brendleri kesgitlenildi

Madridiň «Real» topary Brand Finance konsalting kompaniýasynyň Football 50 reýtinginde eýýäm yzygiderli üçünji ýyl dünýäniň iň gymmatly futbol brendi diýlip ykrar edildi.

Brendiň bahasy dörtden bir esse artyp, 2,766 milliard dollara ýetdi. Şeýle ösüşiň sebäpleriniň biri klub üçin 1,2 milliard ýewro girdeji getiren täzelenen Santýago Bernabeu meýdançasy boldy. Bu sport şowsuzlyklarynyň we tälimçileriň ýygy-ýygydan çalşylmagynyň öwezini dolmaga ýardam etdi.

Dünýäniň 50 sany öňdebaryjy futbol brendiniň umumy bahasy rekord derejä — 23,9 milliard ýewro ýetdi.

Reýtingde ikinji orny 2,276 milliard dollar baha bilen «Barselona» saklap galdy. Esasy garaşylmadyk waka «Arsenal» boldy: London kluby birbada bäş basgançak ýokary galyp, 1,772 milliard dollar netije bilen üçünji orny eýeledi. Şeýle hem ol Beýik Britaniýanyň iň gymmatly futbol brendi boldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!