Türkmen agyr atletikaçysy iki gezek dünýä rekordyny täzeledi
Hytaýyň Ninbo şäherinde geçirilýän 91-nji dünýä çempionatynda türkmenistanly ýaş türgen Şabnam Kerimbaýewa ajaýyp çykyşy bilen tapawutlandy. Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) maglumatyna görä, ol ýaşlaryň arasynda birden iki dünýä rekordyny goýdy.
57 kg çenli agram derejesinde (W57) çykyş edýän Kerimbaýewa 89 kg agram göterip, ýaşlaryň arasynda täze dünýä rekordyny eýeledi. Şeýle hem türgenimiz 112 kg netije görkezdi we ýene bir dünýä rekordyny täzeledi.
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry bilen 8-nji noýabry aralygynda geçirilýän bu dünýä birinjiligi 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ilkinji möhüm saýlama tapgyrlarynyň biri bolup durýar. Bu iri ýaryşda Türkmenistana jemi 10 türgen wekilçilik edýär.
Zenanlar ýygyndysynyň düzüminde Ogulşat Amanowa (53 kg çenli), Şabnam Kerimbaýewa (57 kg çenli), Medine Amanowa (69 kg çenli), Gülälek Kakamyradowa (77 kg çenli) we Anamjan Rustamowa (86 kg çenli) çykyş edýärler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!