Ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek ara alnyp maslahatlaşyldy
Tokioda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, sanly durnuklylygy üpjün etmek, strategik kommunikasiýalar we kanunyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmak meselelerine bagyşlanan sebit seminary geçirildi.
Seminaryň işine Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň, halkara guramalaryň, şeýle hem ýaşlar we bilermenler toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistan seminara Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen gatnaşdy.
Onuň dowamynda sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Merkezi Aziýanyň zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça torunyň işi, sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem döwlet edaralarynyň, ýaşlar guramalarynyň, bilermenler jemgyýetçiliginiň we halkara hyzmatdaşlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!