Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Lýuk Dewiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we yzygiderli gatnaşyklary saklamaga gyzyklanýandyklaryny tassykladylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!