Pişigiň täze görnüşi tapyldy
Boliwiýanyň daglyk tokaýlarynda 1923-nji ýyldan bäri ilkinji gezek pişigiň ozal ylma näbelli bolan görnüşi tapyldy.
Ýerli ýaşaýjylar tarapyndan tilkaýo diýlip atlandyrylýan bu pişik Günorta Amerikanyň uly böleginde ýaşaýan gaplaň pişikleriň toparyna degişlidir. Ony 2016-njy ýylda Ýungas tokaýlygyndaky goraghanada ýerli ýaşaýjylaryň biri tapyp, azaşan öý pişigidir öýdüp, özünde saklapdyr.
Onuň heniz ylma näbelli görnüşdigini ençeme ýyl soň anykladylar. Alymlar pişigiň täze görnüşe degişlidigini tassyklamak üçin genetiki maglumatlardan peýdalandylar. Ol Leopardus tilcayo diýlip atlandyryldy.
Bu haýwanyň uzynlygy 46 sm, agramy bolsa takmynan 1,4 kg. Bu barada “National Geographic” internet saýty habar berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!