| Ashgabat | 34°C
Tehnologiýalar 16.09.2026, 15:20 4

Hytaýyň iki sany uly awtoulag öndürijisiniň täzelikleri

Hytaýyň iki sany uly awtoulag öndürijisiniň täzelikleri

Hytaýyň iri awtoulag öndürijileri GAC (Guangzhou Automobile Group Co., Ltd.) we FAW (First Automobile Works) özara memoranduma gol çekdiler.

Memorandumda göz öňünde tutulýandygyna görä, FAW GAC kompaniýasynyň ikinji iri paýdaryna öwrülip biler. Ylalaşygyň beýleki şertleri häzirlikçe aýan edilmedi diýip, IT Home habar berýär.

GAC bilen FAW kompaniýalarynyň ikisiniň hem Toyota bilen bilelikdäki kärhanalary bar.

GAC-niň beýanatynda FAW-a degişli bilelikdäki kärhanalaryň biriniň paýnamalarynyň belli bir bölegini satyn almagyň meýilleşdirilýändigi aýdylýar.

Çaklamalaryň birine görä, bu geleşik şol kärhanalaryň bir kompaniýa hökmünde birleşmegine getirip biler. Şeýle birleşme Toyota-nyň Hytaýdaky önümçilik kuwwatyny, satuw ulgamyny we awtoulag görnüşleriniň hataryny has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik döreder.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!