Dünýäniň iň gowy kompaniýalary belli boldy
«Time» žurnaly «Statista» analitik gullugy bilen bilelikde «World’s Best Companies» atly ýyllyk reýtingini çap etdi. Sanawda Apple kompaniýasy 100 baldan 93,16 bal toplap, üçünji orny eýeledi.
Reýtingiň birinji ornuny 97,51 bal bilen Nvidia eýelän bolsa, ikinji orna lukmançylyk we ätiýaçlandyryş ulgamynda işleýän Cigna kompaniýasy (94,17 bal) mynasyp boldy.
Iň gowy onlugyň hataryna Meta (4-nji orun), AstraZeneca (5-nji orun), Microsoft (6-njy orun), Deutsche Telekom (7-nji orun), Accenture (8-nji orun), McKesson (9-njy orun) we AMD (10-njy orun) girdi. Beýleki iri tehnologiýa ägirtlerinden Alphabet (Google) 12-nji, Amazon 39-njy, Samsung 153-nji orny eýeledi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!