| Ashgabat | 33°C
Syýasat 22.09.2026, 18:24 1

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, mähriban halky beýik işlere ruhlandyrmaga, hemişelik Bitarap Watanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da belende galdyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Gahryman Arkadagyň Gutlagynda şeýle bellenilýär:

«Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň ähli pähim-paýhaslaryny we güýç-gaýratlaryny beýik maksada — geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaga gönükdiripdirler. Siz hem eziz Watanymyza ägirt uly söýgiňiz bilen döwletimiziň berkararlygynyň pugtalandyrylmagyny, il-halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň üpjün edilmegini ähli zatdan ileri tutýarsyňyz.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan belent maksatlar Garaşsyz ýurdumyzyň asudalygyny, howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny, bütin dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň berkidilmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Siz şu maksatlara ýetmekde, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine, merdanalygyna bil baglaýarsyňyz.

Siziň dabaralandyrýan ynsanperwer syýasatyňyz hem-de beýik ösüşlere bolan sarsmaz ynamyňyz ata Watanymyzy täze ýeňişlere we belent sepgitlere alyp barýar».

Gutlagda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda tanalýandygy, milli ösüşiň özboluşly ýörelgesiniň kemala gelýändigi bellenilýär.

Şeýle hem Garaşsyz Watanyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygy, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň giňden ykrar edilýändigi, halkara başlangyçlarynyň bolsa uly goldawa eýe bolýandygy nygtalýar.

Gutlagda Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmagy we onuň üstünlikli netijeleri, şeýle hem Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň ähmiýeti aýratyn bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, Watanyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen özgertmeleriniň, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!