Aýda näbelli siwilizasiýalara degişli tehnologiýalar barlygy çaklanylýar
Alymlar Aýyň ýüzünde gadymy siwilizasiýalaryna degişli tehnologik galyndylaryň bolup biljekdigini çaklaýarlar. Gözlegçiler şeýle tehnologiýalaryň ownuk bölekleriniň ýyldyzara giňişligi geçip, Aýa baryp ýetip bilendigini öňe sürýärler.
Alymlar ençeme ýyllap kosmosda dürli siwilizasiýalaryň tehnologik işjeňliginiň alamatlaryny gözläp gelýärler. Alymlar Aýy şeýle galyndylary gözlemek üçin amatly ýer hasaplaýarlar. Munuň sebäbi Aýyň özboluşly şertleridir. Onda atmosfera we magnit meýdany ýokdur. Şonuň üçin hem Aýyň ýüzi yzygiderli meteoritleriň we hem Gün ulgamynyň içinde, hem-de daşynda emele gelen mikroskopik bölejikleriň akymynyň täsirine sezewar bolýar.
Mundan başga-da, Aýda tektonik işjeňlik we suwuk suw ýokdur. Netijede, onuň ýüzüne düşýän bölejikler wagtyň geçmegi bilen ýitip gitmän, eýsem Aý tozanynyň içinde saklanyp galyp biler. Metal ýa-da beýleki emeli materiallardan ýasalan mikroskopik bölejikleriň, akylly siwilizasiýalar ýaşaýan ýyldyz ulgamlaryndan güýçli ýyldyz şemallary arkaly zyňylandygynyň ähtimaldygy çaklanylýar.
Galaktikada uzak wagtlap syýahat edenden soň, olar ahyrsoňy Gün ulgamyna girip, Aýyň ýüzüne düşüp bilerdiler. Alymlar, eger şeýle tehnologik galyndylar hakykatdanam bar bolsa, olary Aýyň ýüzünde tapmagyň beýleki planetalara garanyňda has aňsat bolup biljekdigine ynanýarlar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!