Messi rekordyny täzeledi
Lionel Messi «Inter Maýami» klubuna «Krus Asul» toparyny 2:0 hasaby bilen utmaga we ilkinji gezek Kampeones kubogyny gazanmaga kömek etdi.
Argentinaly hüjümçi üçin bu professional karýerasynda 49-njy kubok boldy. Ol toparlaýyn gazanylan titullaryň sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi.
Messi birinji ýarymyň ortasynda Luis Suares topy geçirenden soň kellesi bilen urup, hasaby açdy. Bu gol argentinaly oýunçy üçin «Inter Maýami» toparynda 100-nji gol boldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!