Emeli aňyň emeline matematikler garşy çykdylar
Dünýäniň 25 sany öňdebaryjy matematigi açyk hat bilen çykyş edip, kompaniýalaryň emeli aňy ösdürmek babatda alyp barýan ýaryşlarynyň ylym üçin dürli kynçylyklary döredip, alymlaryň öz işlerine-de howp salyp biljekdigini duýdurdy.
Täze jedelleriň döremegine Nýu-Ýork uniwersitetiniň professory Tristan Bakmasteriň aýdanlary sebäp boldy. Ol geçen hepde OpenAI kompaniýasyny özüne basyş etmekde aýyplady.
Alymyň aýtmagyna görä, kompaniýa möhüm matematiki meseläniň çözgüdiniň üstünde bile işlän Anthropic kompaniýasyndaky kärdeşini makalalaryň biriniň awtordaşlygyndan aýyrmagy talap edipdir.
Şol bir wagtda matematikler emeli aňyň peýdasyny-da inkär etmeýär. Emeli aňyň öň çözgüdi tapylmadyk çylşyrymly meseleleri çözmäge ukyply bolmagy ylym üçin örän bähbitli bolup biler.
Emma olaryň pikiriçe, alymlaryň emeli aňyň tapýan çözgütlerine düşünip, olary barlap hem-de beýleki adamlara düşündirip bilmegi möhümdir.
«Häzirki wagtda matematika jemgyýetiniň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri beýleki ylmy we döredijilik ugurlaryndaky meseleler bilen meňzeşdir. Bu ýagdaý tutuş adamzadyň öňünde durup biljek “Emeli aň işleriň ýerine ýetiriliş usullaryny üýtgedip barýarka, şol işleriň asyl maksadyny ýitirmezligimizi nädip üpjün edip bileris?” diýen möhüm bir soragy orta atýar» diýlip, matematikleriň hatynda aýdylýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!