| Ashgabat | 35°C
Tehnologiýalar 17.09.2026, 16:57 4

Caviar kompaniýasy iPhone 18 Pro hem-de Pro Max modelleriniň altyn we titan görnüşlerini hödürledi

Caviar kompaniýasy iPhone 18 Pro hem-de Pro Max modelleriniň altyn we titan görnüşlerini hödürledi

Caviar kompaniýasy Apple-iň 50 ýyllygy mynasybetli ýörite bezelen iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleriniň täze tapgyryny hödürledi. Bu enjamlar altyn, titan we uglerod süýüminden ýasalan görnüşlerde elýeterli bolar.

Hödürleýän görnüşleri:

«Titan çal» — gara reňkli titan panel bilen bezelen.

«Gara Aý» — tutuşlygyna gara reňkde bolup, kümüş reňkli titan paneli 50 san belgileri bilen haşamlanan.

«Asman gök» — açyk gök reňkli korpus we gara uglerod süýümli panel bilen ýerine ýetirilen.

«Altyn şerap» — goýy gyzyl reňkli korpus we üstüne 24 karat altyn çaýylan, 50 san belgileri bilen haşamlanan paneli birleşdirýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!