Keniýa taryhda ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder
Keniýa ýeňil atletika boýunça uly ýaşly türgenleriň arasyndaky dünýä çempionatyny kabul etjek ilkinji Afrika ýurdy bolar.
Bu taryhy halkara ýaryşy 2029-njy ýylda geçiriler. Bäsleşikleri ýurduň paýtagty Naýrobi şäherindäki 48 müň tomaşaçy üçin niýetlenen «Kasarani» stadionynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýaryşy geçirmek hukugy ugrunda Naýrobiden başga-da London we Rim şäherleri bäsleşdi, emma olar Keniýadan ýeňildiler.
Şol bir wagtyň özünde, 2031-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek hukugy Germaniýanyň Mýunhen şäherine berildi.
Ýatladyp geçsek, Keniýa ozal 2025-nji ýyldaky çempionaty geçirmäge hem dalaş edipdi, emma şol wagt infrastruktura sebäpli bu hukuk Tokio şäherine berlipdi.
Häzirki wagtda Keniýa Tanzaniýa we Uganda bilen bilelikde geçirjek Afrikanyň Milletler kubogy futbol ýaryşynyň öňüsyrasynda sport desgalarynyň durkuny täzeleýär. Şol taýýarlyk işleriniň çäklerinde «Kasarani» stadionynda hem giň gerimli gurluşyk we durkuny täzeleme işleri alnyp barylýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!