Bagbançylygyň adam beýnisine nähili täsiri bar?
Barlaglaryň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi. ABŞ-nyň Kolorado uniwersitetiniň bilermenleriniň bellemegine görä, ýer bilen işlemek neýrotrofiki faktorlaryň — neýronlaryň saglygyny goldaýan we ýadyň, pikirlenmegiň we meseläni çözmek ukyplarynyň gowulaşmagyna kömek edýän maddalaryň öndürilmegine itergi berýär.
Bilim taýdan artykmaçlyklardan başga-da, bagbançylyk adamyň gaharjaňlyk derejesini peseltmekde, umumy beden taýdan sagdynlygy ýokarlandyrmakda täsirli bolup, käbir maglumatlara görä, demensiýa howpuny 36 göterime çenli azaldyp biler.
Meýdanda bolmak we bagbançylyk bilen baglanyşykly işjeňlik akyl deňagramlylygyňyzy dikeltmäge we keýpiňizi gowulandyrmaga ýardam berip biler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!