| Ashgabat | 34°C
Sport 16.09.2026, 15:18 4

«Arkadag» futbol topary AFK Çempionlar ligasy-2-niň toparlaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygyny geçirdi

«Arkadag» futbol topary AFK Çempionlar ligasy-2-niň toparlaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygyny geçirdi

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary AFK Çempionlar ligasy-2-niň toparlaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Bahreýniň «Al-Muharrak» klubuny 1:0 hasaby bilen ýeňdi.

Oýun Arkadag şäherindäki stadionda geçirildi.

AFK-nyň ähli oýunlary Hytaýda we Nepalda bolup geçen weýrançylykly suw joşgunlarynda hem-de ýer süýşgünlerinde heläk bolanlaryň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlykdan başlandy.

«Arkadag» we «Al-Muharrak» ýaryşyň «B» toparçasynda BAE-niň «Al-Jazira» hem-de Eýranyň «Gol Gohar» toparlary bilen bilelikde çykyş edýär.

Toparçanyň beýleki duşuşygynda bu klublar 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Şeýlelikde, birinji tapgyryň netijelerine görä, üç utuk gazanan türkmen kluby «B» toparçada birinji orna geçdi. «Al-Jazira» bilen «Gol Gohar» bir utuk gazandy, «Al-Muharrak» bolsa utuksyz galdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!