| Ashgabat | 33°C
Jemgyýet 18.09.2026, 13:57 5

Ýurdumyzyň wekiliýeti IAEA-nyň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşdy

Ýurdumyzyň wekiliýeti IAEA-nyň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşdy
Фото: https://mfa.gov.tm

Wena şäherinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Owezowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 70-nji nobatdaky sessiýasyna gatnaşdy.

Onuň dowamynda saglygy goraýyş ulgamyndaky, şol sanda onkologik keselleri anyklamak we bejermek boýunça hyzmatdaşlyga, şeýle hem IAEA-nyň Aşgabatdaky Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkezine berýän goldawyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýadro ylmynyň we tehnologiýalarynyň parahatçylykly ulanylyşyna elýeterliligini giňeltmäge gönükdirilen «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin atomlar» atly başlangyjyny hödürledi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!