| Ashgabat | 35°C
Sport 19.09.2026, 16:39 1

«Barselona» hyzmatdaşlyk teklibini ret etdi

«Barselona» hyzmatdaşlyk teklibini ret etdi

«Barselona» futbol kluby Revolut bankynyň maliýe hyzmatdaşlygy baradaky teklibini ret etdi.

Muňa bankyň portugaliýaly futbolçy Luiş Figu bilen işleşýändigi sebäp boldy.

Figu 1995–2000-nji ýyllar aralygynda «Barselonada» çykyş edipdi. Soňra bolsa garaşylmadyk ýagdaýda klubyň esasy garşydaşy «Reala» geçdi.

Bu transfer iki klubuň arasyndaky bäsdeşligiň taryhynda iň uly goh turzan wakalaryň birine öwrüldi.

«Barsanyň» janköýerleri muny dönüklik hasaplady.

Figu üçin «Real Madridiň» düzüminde «Kamp Nou» stadionynda 2000-nji ýylyň noýabryndaky ilkinji gezek çykyş eden oýny aýratyn dartgynly geçipdi.

Portugaliýaly futbolçy janköýerleriň gykylyklary we kemsidiji sözleri bilen garşylandy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!