| Ashgabat | 20°C
Sport 03.11.2026, 11:44 4

Dawut Nazmyradow Moskwadaky halkara ýaryşda bürünç medal gazandy

Dawut Nazmyradow Moskwadaky halkara ýaryşda bürünç medal gazandy

Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirilen «Moskwa – Karate älemi 2026» atly halkara ýaryşy tamamlandy. Irina Winer adyndaky Gimnastika köşgünde guralan bu abraýly ýaryşa dünýäniň 46 ýurdundan 348 sany güýçli türgen, şol sanda Olimpiýa oýunlarynyň, dünýä hem-de yklym çempionlary gatnaşdy.

Türkmenistanyň Karatedo federasiýasynyň maglumatyna görä, 75 kg çenli agram derejesinde çykyş eden Balkanabatdan 22 ýaşly sport ussatlygyna dalaşgär Dawut Nazmyradow uly üstünlik gazanyp, 3-nji orny eýeledi. Dawut toparlaýyn tapgyrda yrakly türgen Said Brýar bilen 5:5 hasabynda deňme-deň çykyş etdi. Şondan soň ol russiýaly Iwan Sokolowy 4:0, serbiýaly Nikola Kaplarewiçi bolsa 2:0 hasabynda ýeňmegi başardy. 1/8 finalda eýranly türgen Morteza Nemata utulan hem bolsa, ol teselli beriji tutluşyklarda ynamly çykyşyny dowam etdirdi.

Dawut Nazmyradow mundan ozal hem halkara we milli derejedäki ýaryşlarda birnäçe gezek tapawutlandy. 2022-nji ýylda 18–24 ýaş aralygynda Türkmenistanyň çempiony boldy. Şeýle hem Germaniýada geçirilen «Banzai International Cup» ýaryşynda we Çehiýadaky dünýä çempionatynda U-21 derejesinde baýrakly orunlara eýe boldy.

2024-nji ýylda Manila we Hançžou şäherlerinde geçirilen Aziýa çempionatlarynda bürünç medallary, şeýle hem Ürgençdäki «Uzbekistan Open» hem-de Samarkantdaky Merkezi Aziýa çempionatynda altyn baýraklary gazandy. Ýakynda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilen XX tomusky Aziýa oýunlarynda bolsa kümüş medala mynasyp boldy.

Ýaş türgeniň bu uly üstünliklerinde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Aýdyň Çaryýewiň hem uly zähmeti bar. Eýýäm bäşinji gezek guralan bu halkara ýaryş sport gatnaşyklaryny berkitmekde we türgenleriň tejribesini artdyrmakda möhüm tapgyr boldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!