«Arkadag» we «Al-Muharrak» AFK-2 Çempionlar ligasyndaky duşuşygy üçin metbugat maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň «Arkadag» we Bahreýniň «Al-Muharrak» futbol klublary AFK-2 Çempionlar ligasy ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynyň öňüsyrasynda «Arkadag» stadionynda metbugat maslahatyny geçirdi.
Metbugat maslahatyna iki toparyň baş tälimçileri we futbolçylary gatnaşdylar.
«Arkadag» we «Al-Muharrak» klublarynyň arasyndaky duşuşyk 15-nji sentýabrda şol stadionda geçiriler we ýerli wagt bilen 18:45-de başlanar.
Bu duşuşyk türkmen topary üçin ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryny açar. «Arkadag» «B» toparçada Bahreýniň bu kluby, Eýranyň «Gol Gohar» hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» toparlary bilen bilelikde çykyş edýär.
AFK-2 Çempionlar ligasynyň 2026/2027-nji möwsüminiň toparçalaýyn tapgyry 9-njy dekabra çenli dowam eder. Şondan soň her toparçadan iň gowy iki topar pleý-off tapgyryna çykar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!