| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 02.08.2026, 12:09 13

Şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy.

Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 101,1 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,7 göterim ýokarlandy.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýdyldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!