Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýewiň çykyşy
Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri,
Hormatly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!
Şu günki ýokary derejeli halkara duşuşygyna gatnaşmak we döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, innowasion hem-de ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän şäherleri ösdürmek boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygymy bildirýärin.
Häzirki döwürde şähergurluşyk işi diňe bir binalary we inženerçilik desgalaryny gurmak bilen çäklenmeýär. Ol binagärligi, senagaty, energetikany, ulag ulgamyny, daşky gurşawy goramagy we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özara sazlaşykly utgaşdyrýan toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýär. Munuň üçin uzak möhletleýin meýilnamalaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ygtybarly maýa goýumlary çekmek we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenistanda döwrebap şäher gurşawyny kemala getirmek, gurluşyk pudagynyň önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerini giňeltmek milli ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar.
Bu ugurda alnyp barylýan işler paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň yzygiderli özgermeginde, şeýle hem «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilen Arkadag şäheriniň ösüşinde aýdyň beýanyny tapýar. Bu taslamalar häzirki zaman binagärlik ýörelgelerini, öňdebaryjy inženerçilik çözgütlerini, sanly tehnologiýalary we döwrebap şäher infrastrukturasyny özara sazlaşykly utgaşdyrmagyň ähmiýetini görkezýär.
Arkadag şäheriniň gurluşygy milli gurluşyk pudagynyň mümkinçiliklerini ösdürmekde täze tapgyr boldy. Şäherde sanly dolandyryş, akylly ulag ulgamlary, döwrebap kommunal hyzmatlar we energiýany tygşytlaýjy çözgütler özara utgaşykly durmuşa geçirilýär. Bu tejribe şähergurluşyk işinde innowasion tehnologiýalary giňden ulanmak üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Şunuň bilen birlikde, paýtagtymyz Aşgabat şäherini ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalarynda, şol sanda «Aşgabat — 2045» strategiýasynda şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga, sanly dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga we häzirki zaman şähergurluşyk talaplaryna laýyk gelýän gurşawy kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Şäherleriň durnukly ösüşi gurluşyk pudagynyň önümçilik kuwwaty, senagatyň tehnologik derejesi we döwrebap inženerçilik çözgütleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, ýerli çig mal serişdelerinden netijeli peýdalanmak, önümçiligiň görnüşlerini giňeltmek we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Milli kärhanalaryň gurluşyk we infrastruktura taslamalaryna işjeň gatnaşmagy içerki önümçilik mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine we hünärmenleriň tejribesiniň artmagyna ýardam berýär.
Şeýle hem gurluşykda häzirki zaman inženerçilik çözgütlerini, energiýany tygşytlaýjy serişdeleri we ýokary tehnologiýaly önümçilik usullaryny ulanmak pudagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.
Şäherleriň durnukly ösüşi diňe bir täze desgalaryň gurulmagy bilen däl, eýsem olaryň uzak möhletleýin ulanylyşynyň ygtybarlylygy, energiýa we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, şeýle hem daşky gurşawa ýetirýän täsiriniň azaldylmagy bilen kesgitlenýär. Şoňa görä-de, energiýa netijeli binalary gurmak, inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlaryny kämilleşdirmek, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak we ekologiýa taýdan jogapkärli gurluşyk usullaryny ornaşdyrmak ileri tutulýan ugurlardyr.
Bu maksatlar Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň, aýratyn-da 11-nji maksadynyň — şäherleriň we ilatly ýerleriň açyk, howpsuz, durnukly hem-de ekologiýa taýdan durnukly bolmagyny üpjün etmek baradaky wezipesiniň esasy ýörelgeleri bilen sazlaşyklydyr. Bu maksatlara ýetmek şähergurluşygy, döwrebap gurluşyk tehnologiýalary, senagat ösüşi we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak ýaly ugurlaryň özara sazlaşykly ösdürilmegini talap edýär.
Hormatly hanymlar we jenaplar!
Häzirki döwrüň şähergurluşyk we infrastruktura meselelerini çözmekde halkara tejribäni öwrenmek, öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmek we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, halkara maliýe düzümleri, öňdebaryjy kompaniýalar hem-de maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biziň üçin şeýle hyzmatdaşlyk diňe bir tejribe alyşmak bilen çäklenmän, eýsem täze taslamalary durmuşa geçirmek, maýa goýumlaryny çekmek, tehnologiýalary ornaşdyrmak we milli hünärmenleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin hem giň mümkinçilikleri açýar.
Şu nukdaýnazardan, energiýa netijeli gurluşyk, döwrebap gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, akylly infrastruktura, sanly şäher dolandyryşy, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we ekologiýa taýdan arassa ulag ulgamlaryny ösdürmek ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň we hususy pudagyň tagallalarynyň birleşdirilmegi öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, geljegi uly taslamalaryň amala aşyrylmagyna we sebitde durnukly ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagyna goşant goşar.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Şu gün gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan şäherler geljek nesilleriň ykdysady mümkinçiliklerini, durmuş abadançylygyny we ýaşaýyş gurşawyny kesgitleýär.
Şoňa görä-de, biziň umumy jogapkärçiligimiz şäherleriň ösüşini diňe bir gurluşygyň gerimi bilen däl, eýsem döredilýän desgalaryň hili, ygtybarlylygy, netijeliligi we uzak möhletleýin ähmiýeti bilen kesgitlemekden ybaratdyr.
Şu günki halkara «tegelek stol» maslahatynyň özara tejribe alyşmaga, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge we Türkmenistanda, şeýle hem tutuş sebitde şäherleriň durnukly ösüşine gönükdirilen amaly çözgütleri öňe sürmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynanýaryn.
Geljek nesilleriň bähbidine diňe bir daşky keşbi bilen döwrebap däl, eýsem binýady berk, ösüşi innowasion we uzak möhletleýin durnukly şäherleri gurmak ugrunda bilelikde tagalla etmäge çagyrýaryn!
Üns bereniňiz üçin sag boluň!
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!