| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 03.08.2026, 16:19 9

Soňky 6 aýda Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 11,3 milliard manatdan geçdi

Soňky 6 aýda Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 11,3 milliard manatdan geçdi

Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 11 milliard 396 million 902 müň manatdan geçdi.

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 9 milliard 14 million 675 müň 37 manada ýetdi.

“Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 1 milliard 848 million 161 müň 175 manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 56 million 951 müň 92 manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 313 million 935 müň 468 manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 5 million 198 müň 350 manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 157 million 981 müň 367 manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

Bu barada “Bank habarlary” atly elektron žurnalda habar berilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!