Oktýabr aýynda Awazada «Merkezi Aziýa + Azerbaýjan» formatyndaky sammit geçiriler
Şu ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler.
Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda aýtdy.
Türkmen tarapy bu ähmiýetli waka örän jogapkärçilikli çemeleşip, Sammitiň netijeli hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirýär.
Sammite taýýarlyk görülýän we onuň geçirilýän günlerinde Awazada birnäçe halkara forumlaryň hem-de medeni çäreleriň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!