| Ashgabat | 27°C
Syýasat 08.08.2026, 10:53 8

Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli ýörişi amala aşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli ýörişi amala aşyrdy

Zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti 7-nji awgustda ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy.

Säheriň sergin çagynda Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Bu bolsa adamlaryň şähdini açyp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli gezelenjiň dowamynda soňky ýyllarda keşbi tanalmaz derejede özgeren Awazanyň ajaýyp gözelliklerini synlady.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!