| Ashgabat | 28°C
Syýasat 01.08.2026, 15:15 16

Ýurdumuzyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 101 milliard manatdan geçdi

Ýurdumuzyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 101 milliard manatdan geçdi

Türkmenistanyň karz edaralarynyň şu ýylyň 1-nji iýul ýagdaýyna kärhanalara, guramalara hem-de ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndysynyň umumy möçberi 101 milliard 127,07 million manada ýetdi.

Şu ýylyň 1-nji iýul ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 46 milliard 86 million manada deň boldy.

Şeýle hem, şu ýylyň 1-nji iýul ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 20 milliard 405 million manada barabar boldy.

Raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 34 milliard 635,70 million manada deň boldy.

Bu barada “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!