Şu ýylyň iýun aýynda çenli Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $598 milliondan geçdi
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda 598,9 million ABŞ dollaryna deň boldy.
Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda habar berilýär.
Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 503 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi.
Şol döwürde ýurduň Türkmenistana eksportynyň möçberi 95,9 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy hasabat döwründe 41 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!