Soňky 6 aýda 4.1 million tonna nebit çykaryldy
2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça Türkmenistanda 4 million 129,8 müň tonna nebit çykaryldy.
Ýurdumyzda gazylyp alynýan nebitiň esasy bölegi Balkan welaýatynyň gury ýerlerini we Hazar deňziniň kenarýaka zolaklaryny öz içine alýan Günbatar sebitiň paýyna düşýär. Bu ýerde Goturdepe, Gumdag, Barsagelmez, Çeleken we Nebitlije ýaly iri gury ýer ýataklary işjeň özleşdirilýär.
Mundan başga-da, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýalpaklyklary özleşdirmek işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlar bolan Malaýziýanyň «Petronas» we Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon Oil» kompaniýalary işjeň gatnaşýarlar.
Ýurdumyzda diňe bir çig maly gazyp almak däl, eýsem gaýtadan işlemek we ýokary hilli önümleri öndürmek ugrunda giň şertler döredildi.
Gazylyp alynýan nebit çig maly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda taýýar önümlere öwrülýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda öndürilýän nebit we nebit önümleri Hytaý, Türkiýe, Koreýa Respublikasy, Eýran hem-de Owganystan ýaly döwletlere yzygiderli eksport edilýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!