Şu ýylyň 6 aýynda Türkmenistanda 18,6 milliard manatdan gowrak maýa goýum özleşdirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni şu ýylyň ilkinji alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda ýurtda 18 milliard 600 million manatdan gowrak düýpli maýa goýumyň özleşdirilendigini kanagatlanma bilen belledi.
Mejlisde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow şu ýylyň birinji ýarymynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlaryň görkezijileri hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Onuň bellemegine görä, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,3 göterim artdy we jemi içerki önümiň 16,5 göterimine deň boldy.
Maýa goýumlaryň 45,1 göterimi önümçilik maksatly desgalara, 54,9 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly desgalara gönükdirildi.
Şeýle hem, ýylyň birinji ýarymynda ýurduň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda umumy meýdany 309 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,3 göterim, jemi öndürilen önümiň möçberi bolsa 10,4 göterim artdy.
Ösüş depgini senagatda 2,7 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.
Bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 7,5 göterim ýokarlandy.
Bu barada 10-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!