Şu ýylyň 6 aýynda Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 9 milliard manatdan geçdi
Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 9 milliard 45 million 806 müň manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 7 milliard 104 million 222 müň 304 manada ýetdi.
Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 1 milliard 512 million 61 müň 279 manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 50 million 134 müň 264 manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.
Şeýle-de, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 245 million 386 müň 415 manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 4 million 471 müň 245 manatdan geçdi.
Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 129 million 530 müň 541 manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!