| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 17.07.2026, 14:28 33

Tbiliside türkmen önümleriniň sergisi geçirildi

Tbiliside türkmen önümleriniň sergisi geçirildi

Gruziýanyň Tbilisi şäherindäki “Ekspo Georgia” sergiler merkezinde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi geçirildi.

Sergi 592 inedördül metr meýdanda ýaýbaňlandyrylyp, onda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň 17-siniň, hususy kärhanalaryň hem-de telekeçileriň 42-siniň diwarlyklary ýerleşdirildi.

Sergide “Türkmenistanda öndürilen” nyşanly azyk önümleri, dokma, himiýa we senagat harytlarynyň dürli görnüşleri sergilendi.

Serginiň çäklerinde senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, elektronika, öý hojalyk harytlary, dokma we azyk önümleri tanyşdyryldy.

Pawilýonlarda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, döwlet maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de amala aşyrylýan iri taslamalaryň ähmiýeti şöhlelendirildi.

Serginiň aýratyn bölümleri söwda we azyk senagatynyň gazananlaryna, Dokma senagaty ministrliginiň önümlerine, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň hem-de telekeçileriň haly we haly önümlerine bagyşlandy.

Şeýle hem myhmanlara halk senetçileriniň el işleri, milli lybaslar we şaý-sepler görkezildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!