Pekinde Türkmen-hytaý dialogy geçirildi
30-njy iýulda, Pekin şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan Türkmen-hytaý dialogy geçirildi.
Bu çäre türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 15-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine we onuň dowamynda kabul edilen wajyp çözgütlere bagyşlandy.
Çäre Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy we “China-Turkmenistan Business Council Ltd.” guramasy tarapyndan bilelikde, türkmen diplomatlarynyň, talyp ýaşlaryň, görnükli hytaý syýasatşynaslarynyň, professorlarynyň, Hytaý Halkara parahatçylyk gaznasy ýaly abraýly jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, şonuň ýaly-da Çiňhaý we Gansu welaýat ylym-bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35-ýyllygynyň baýram edilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynda ýetilen sepgitler, öňden goýlan maksatlar dogrusynda beýan etdiler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!