Oktýabr aýynda Türkmenistanda maýa goýum forumy geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti 24-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek baradaky teklibi makullady.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Forumyň we ugurdaş çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum babatda özüne çekijiligi, ýangyç-energetika hem-de senagat toplumlarynyň esasy ugurlary, şeýle hem ygtybarly ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere öňde boljak çärä taýýarlyk görmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!