| Ashgabat | 28°C
Syýasat 21.07.2026, 17:26 58

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.Pikir alyşmalaryň dowamynda ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň taýýarlygy we geçirilmegi, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda amala aşyrylýan sebit maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!