| Ashgabat | 28°C
Syýasat 30.07.2026, 11:12 18

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda maslahat geçirildi
Фото: https://mfa.gov.tm/

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň ähmiýetini ýaşlara wagyz etmek mynasybetli maslahat geçirildi.

Maslahatyň barşynda Konsullygyň we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň işgärleri hem-de W.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň talyp ýaşlary Garaşsyz Türkmenistanyň 35 ýylyň içinde ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri hem-de geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada çykyşlar etdiler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!