| Ashgabat | 28°C
Syýasat 29.07.2026, 15:21 25

Ankarada türkmen-türk syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi

Ankarada türkmen-türk syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi
Фото: https://mfa.gov.tm/

Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylaryndaky derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar ýurtlary bölüminiň ýolbaşçysy I.Amanlyýew, Türkiýäniň wekiliýetine bolsa Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Türki Döwletleri Guramasy baradaky Baş müdirliginiň başlygy Togan Oral ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän konsullyk meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!